Biz barada

Biz kim?

Türkmençe

Özümiz hakda gürrüňe başlamazdan ozal Baharatyň (tebigy hoşboý ysly garyndylar) nämedigi barada durup geçsek. Baharat; dürli ösümlikleriň tohumlary, miweleri, gülleri, gabygy, kökleri, dürli ösümlikleriň ýapraklary ýaly bölekleri, guratmak, üwemek arkaly alnan; iýmitlere reňk, tagam, hoşboý ys we tagam hökmünde goşulýan tebigy birleşmeler ýa-da garyndylardyr. 

Naharlarymyza lezzet goşýan hoşboý ysly tebigy goşundy önümlerine bolan alyjylaryň islegi ýylsaýyn barha artýar. Sarp edijileri, aýratyn hem aşhanalarymyzyň ussatlary gelin-gyzlarymyzyň, isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, kärhananyň işgärleri önümleriň görnüşini köpeltmeklige çalyşdylar, munuň üçin baharat (hoşboý ysly garyndylar) çykarmak boýunça hatary bolan Türkiýeden getirilen enjamlar goşmaça gurnaldy. Şu ýyl kärhananyň kollektiwi baharat we beýleki ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça ýokary hünär we kämil derejeli öndürijiler hökmünde öz abraýlaryny pugtalandyrmagy dowam etdirdiler.

MAKSADYMYZ:

Ýokary hilli, innowasion we dürli görnüşli önümler öndürýän, durmuşymyza we naharlarymyza lezzet goşýan baharat (ýakymly ys garyndylary) medeniýetini, Türkmenistanda şeýle hem dünýäniň ähli sarp edijileri bilen duşuşdyrmak arkaly, müşderileriň özlerini rahat duýmagy we lezzet bilen sarp ediljek önümleri hödürläp, bu pudakda iň halanýan we saýlanan marka bolmak.

WEZIPÄMIZ:

Dogry hil-baha gatnaşygy bilen, önümleriň köp görnüşliligi bilen sarp edijiniň isleglerini iň ýokary derejede kanagatlandyrmak.